100

“Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi”

image


      Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli "Aşgabat" döredijilik topary Aşgabat teleýaýlymyna “Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi” atly aýdym-sazly ýazgy edildi. Aşgabat şäher häkimliginiñ "Aşgabat" döredijilik topary ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklara, festiwallara daşary döwletlerde geçirilýän çärelere işjeñ gatnaşýar. "Aşgabat" orkestirina Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri Töre Orazgeldiýew ýolbaşçylyk edýär. Ol "Pyragy", "Bagtyýarlyk nagşy" ýaly sazlary, "Dag arman", "Ýar-ýar", "Balsaýat" ýaly eserleri täzeden işläp konsertlerda, medeni-köpçülik çärelerinde orkestr bilen bilelikde ýerine ýetirýär. "Aşgabat" tans topary "Toý sowgady", "Elwan gülleri", "Gyzlar tansy", "Gyzlar gopuz çalanda", "Arkadag şäheri" ýaly döwrebap tanslary ýerine ýetirip halkymyzyñ söýgisine mynasyp bolup gelýär. Toý baýramlarymyzy bezeýän "Aşgabat" döredijilik topary. Çäräniň dowamynda köp sanly tanslary, yşky-liriki aýdymlar, milli şahyrana we nusgawy saz eserleri belentden ýaňlandy.

   Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde edýän aladalary üçin köp sag bolsun aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.