"Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watan waspy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýi hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watan waspy” medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk çäresi gurnaldy.
Çärede Türkmen halkynyň arşa göterlen ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we Berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esaslaryny düzýär, diýip çärä gatnaşanlar bellediler.
Çäräniň dowamynda Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenen mahalyňda onuň şygyrlaryndan ylmyň dürli ugurlaryna degişli maglumatlary almak mümkinçiligi bolýar diýip aýtdylar.
Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligini öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaçlyklara beslenmesini arzuw etdiler.