76

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap medeniýet bölümi we Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen bilelikde aýdym-sazly çäresi geçirildi.

image


      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi hakynda aýdym-saz bilen wasp etdiler. Gahryman Arkadagymyz “Her bir halk dünýäde öz medeniýeti we sungaty bilen tanalýar” diýip belläp geçişi ýaly döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň berkemegine, medeniýet we sungat işgärleriniň giňden tejribe alyşmagyna uly ýardam berýändigi barada aýratyn bellediler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli birnäçe şirin aýdymlar ýerine ýetirildi.
      Çäräniň soňunda milli medeniýetimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.