32

Medeniýetiň toýunda, saýra, şahyr, joş bagşy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Medeniýetiň toýunda, saýra, şahyr, joş bagşy” ady bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

  Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründemedeniýet günleri  her bir halkyň medeni mirasynyň köpasyrlyk däpleriniň bitewiligini öz içine almak bilen, ol hemişelik gymmatlyklaryň berk binýady bolup, birek-birege hormat goýmagyň hem-de parahatçylygyň we hoşniýetliligiň maksatlarynyň esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

   Çäräniň dowamynda milli medeniýetimiziň ösmegine şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.