74

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli

image


   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işler gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýär. Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän el işleri türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýar. Medeni mirasa, milli gymmatlyklarymyza baý bolan türkmen halky durmuşda hiç bir zady ünsden düşürmeýär. Başyna geýýän tahýasy, egnine geýýän milli lybaslary, kürtedir çabytlary, hiç wagt öz milliligini ýitirmeýär. Türkmen zenanlarynyň keşde çekmek işinde özüne mahsus aýratynlyklar bar. Olar keşdäniň täsin nusgalaryny tapyp, utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzine sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen başarýarlar. Keşdäniň nepisligi we inçeligi, reňkleriň saýhally, rejeli sazlaşdyrylmagy el işiniň çeperçilik gymmatyny artdyrýar. Matanyň ýüzine keşdäniň nepis düşmegi, işliginiň hiliniň gowy bolmagyna hem baglydyr.

   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda düýpli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew batly bilen öňe barýar. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem rowaçly ösüşler gazanylýar. Parasatly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan miras galan ýol- ýörelgeleri, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesillerimize geçirmekde ägirt uly işler bitirilýär.

   Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda zähmetimizi, yhlasymyzy gaýgyrmarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Suraý Hudaýgulyýewa
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin
Halk döredijilik öýüniň medeni çäreleriň guramaçysy