110

Medeniýet hepdeligi "Arkadagyñ bagtyýar nesilleri"

image
      Ynha bu gün iň şatlykly, begendiriji günleriň biri bolan Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgarleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Şükir Bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň gözel sahnasynda "Arkadagyň bagtyýar nesilleri" atly baýramçylyk dabarasynda çagalar uly şowhun, uly şatlyk bilen özleriniň aýdymdyr-sazlary bilen çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalary sungat dünýäsine has-da atarmak üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar özleriniň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny açmaga has-da höweslenýärler. Ýaşajyk artistleriň joşgunly aýdym-sazlarydyr, tanslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Tämiz kalbynda joşup çykan owazlar, şatlyga we mähre beslenen ajaýyp çykyşlary Watanymyza, öz arzuwlaryny hasyl etmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyň özboluşly çeper beýany bolup ŷaňlandy. Bagtyýar  çagalar mährem enelerimizi, dost-doganlyk, bagtyýar durmuş hakynda aýdymdyr-sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu şanly günde körpelerimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny hem aýtdylar. Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!