Medeniýet – milletiň mertebe tugy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmengaz” döwlet konseriniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Medeniýet – milletiň mertebe tugy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen bir hatarda türkmenistanyň medeniýet günleriniň, geçirilmegi ilkinji nobatda medeniýet, sungat ussatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen ýakyndan tanyşmaklaryna oňyn şertler döredilmegi, her bir halkyň medeniýeti, sungaty şol halkyň ruhy derejesini açyp görkezýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň bellenmeginiň aňyrsynda uly sazlaşygyň, manysynyň bardygyny, şahyryň nesilden-nesle geçip biziň günlerimize ýeten ajaýyp döredijiligi bilen dünýäni haýran galdyrýandygy türkmeni dünýä tanadan beýik danadygyny belläp, geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.