Medeni miras – ruhy baýlygymyzyň çeşmesi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde “Medeni miras – ruhy baýlygymyzyň çeşmesi” ady bilen Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygyny, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle
hem keşdeçilik sungatymyz dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn bellemek bilen keşde çekmek türkmen halkynda örän inçe sungat hasaplanyp, onuň enemamalarymyzyň arzyly hünärleriniň biridigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de sungat derejesinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup hyzmat edýändigi, merdana halkymyzyň ruhy hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysynyň şanyna ýurdumyzda toý-baýramlar uludan tutulýandygy, munuň özi çeper elli halyçylarymyza, halyçylyk sungatyna ömürlerini bagyş eden ene-mamalarymyza goýulýan çäksiz we egsilmez sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Medeni-mirasymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan
işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.