Türkmen halky milli däp-dessurlara baý halk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gözbaşy asyrlaryň çuňluklaryny boýlaýan milli aýdym-sazlarymyz, toý-baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz täze öwüşgine eýe bolýar.
Türkmen halky milli däp-dessurlara baý halk. Ata-babalarymyz nesilleri şol asylly däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň üsti bilen terbiýeläpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek barada uly alada edilýär. Türkmen halkynyň asylly ýol-ýörelgeleriniň biri hem halypa-şägirtlik ýörelgesidir.
Ýurdymyzda türkmen taryhynda yz goýan söz ussatlarynyň, bagşy- sazandalaryň mirasyny öwrenmekde we halka ýetirmekde uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Saz diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir. Saz Gurhanyň süreleri ýaly, adamlaryň ruhuny tämizleýär. Saz bilen medeniýet halklaryň arasyndaky köprülerdir. Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de öz halkynyň sazyny bilmek we ýürekden söýmek, oňa üns berip, gelip çykyşynyň çuňňur gözbaşlaryny öwrenmek möhümdir» diýip belleýär.
Biziň ajaýyp zamanamyz bar. Biz halypalaryň hormatlaýan, olaryň eden işleriniň, bize miras goýup giden aýdym-sazlaryny sarpalanýan döwürde ýaşaýarys.
Eziz Watanymyzyň pajarlap ösýän döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny, aýdym-sazlaryny dünýä tanatmakda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sungat işgärleriniň alkyşlary çäksiz. Medeniýeti halkyň kalby hasaplaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy hem müdimi mirasymyzy çuňňur öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Goçmyrat Gurbanow
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň müdiri