Ýurdumyzyň ösüşleri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde “Ýurdumyzyň ösüşleri” ady bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlere beslenýändigini, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri merjen paýtagtymyz bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Mundan başda-da Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzda gurlyp ulanylmaga berilen “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdüriminiň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne haýran galdyrýandygy, we göwnüňi galkyndyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.