Magtymguly Pyragy-dünýä danasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Garadaşaýak medeniýet öýüniň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen dünýä halklarynyň kalbyna müdimi orun eýeledi. Dünýä halklary Magtymguly Pyragyny türkmen halkynyň görnükli beýik şahsyýeti hem-de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň waspçysy hökmünde tanalandygy barada gürrüň edildi. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanynyň ýagny Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadyny berk bolmagynyň gije- gündiz aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.