101

Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygy mynasybetli gürrüňdeşlik çäresi geçirildi

image



      Aşgabat şäheriniñ medeniýet müdirliginiñ Bagtyýarlyk medeniýet öýüniñ gurnamagynda Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygy mynasybetli gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede medeniýet öýüniñ hünärmeni Mämekow Medet Magtymguly Pyragynyñ şygyrlaryndan birnäçe goşgularyny okap berdi. Magtymguly Pyragynyñ goşgy setirlerinde adamlary agzybirlige çagyrÿar, Watana bolan söýgüsi, türkmen gelin gyzlarynyñ utanjañlygy, sadalygy, mähirliligi hem-de maşgala mukaddesligini, agzybirligini gorap saklaýandyklary barada goşgy setirlerinde beýan edilýär diýip belläp geçdi. Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda çäreleriñ geçirilmegi üçin döredip berÿàn uly mümkinçilikleri hem-de dana şahyrymyzy dünýä tanatmakda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsunlaryny hem-de öz ýürek buýsançlaryny aýtdy we olaryñ janlarynyñ sag, belent başlarynyñ aman bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniñ hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.