Bagtyýar çagalaryň mekany
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň gurnamagynda Gökderedäki “Nebitçi” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar çagalaryň mekany” ady bilen baýramçylyk çäresi gurnaldy.
Çärede Gökderedäki “Nebitçi” sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň dynç alşyny täsirli we manyly geçirmekleri üçin bu ýerde dürli gurnaklar hereket edýär. Medeni köpçülikleýin sport çäreleri guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär. Bu ýere ýurdumyzyň ähli ýerlerinden bagtyýar çagalar dynç almaga gelýärler. Olar bu ýerde biri-biri bilen tanyşýarlar we dostlaşýarlar. Bu ýerde çagalar aýratyn alada bilen gurşalyp olaryň bagtyýar günlerini şatlykda geçirmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Merkezlerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini manyly we gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir diýip çärä gatnaşanlar bellediler.
Çäräniň dowamynda tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejeli netijelere eýe bolmagy bu ugurdaky hünärmenleriň, merkezlerde zähmet çekjek bilim işgärleriniň yhlasyna baglydyr, diýip aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda Bagtyýar çagalaryň sapaly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.