18

Magtymguly Pyragy jahankeşde şahyr

image



   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda “Magtymguly Pyragy jahankeşde şahyr” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gabat gelýän ýer – ýurt atlary, syýahatlarynyň maksatlary barada söz açylyp, şahyryň dünýäniň köp ýerlerine  syýahat etmek arzuwy onuň kalbynda ýaşlykdan ýüze çykandygyny, Magtymgulynyň jahankeşde şahyr  bolandgyny goşgy setirlerine ser salanyňda hem şol ýurduň tebigaty, dili, edebiýaty bilen  ýakyndan tanşyp, şol ýurduň tanymal edebi wekilleri  hem-de ylym eýeleri bilen  aragatnaşyk saklandygyny görmek bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny  öwrenmek, ony dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.