Kitap - körpeleriň dosty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Özbaşdak kitap okamaga höwesli çagalar üçin kitaphanalarda çagalar edebiýatyna degişli bolan ertekili kitaplar, çagalar žurnallary, goşgular ýygyndysy ýerleşdirler. Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we el hünäriniň ussatlygyny görkezmek üçin gurnaklar hereket eder, döredijilik we sungat bilen meşgullanýan çagalara niýetlenilen ýörite surat we çeperçilik gurnaklarynda hem mümkinçilikler dörediler. Çagalaryň kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler bolar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejeli netijelere eýe bolmagy bu ugurdaky hünärmenleriň, merkezede zähmet çekjek bilim işgärleriniň yhlasyna baglydyr. Bagtyýar çagalaryň sapaly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ç.Annamämmedow
Gypjak medeniýet öýüniň müdiri