28

Sagdynlyk ruhy belentlik

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň gurnamagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Sagdynlyk ruhy belentlik” ady bilen medeni çäresi gurnaldy.
   Çärede beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: ”Saglygyň gadyryny bilgiň, hassa bolmazdan burun” diýişi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir, diýip bellediler.
   Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ynsan saglygy ugrunda alyp barýan işlerimizi, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy, saglygy goraýyş we derman senagatyny düýpli kämilleşdirmegi maksat edinýäris diýip Gahryman Arkadagly Serdarymyz aýtýar.

   Çäräniň ahyrynda dünýä halklarynyň arasynda medeni-sport gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşýan, ýurdumyzyň sport abraýynyň halkara derejede ýokarlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmeklerini arzuw etdiler.