55

Ertekileriň jadyly dünýäsi

image


Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we  dynç alyş merkezinde Ertekileriň jadyly dünýäsi ady bilen  gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde bagtyýar körpeleriň dynç alyş ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesi, tomsuň iň bir gyzgalaňly, şadyýan günlerini başdan geçirýän ýaş nesillerimiz täsin wakalar, gyzykly pursatlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, öz deň-duşlary bilen wagytlaryny şadyýan  geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökdere jülgesinde her ýylda bolşy ýaly dürli aýdym-sazly medeni, sport çäreleri we göçme kitap sergileri dynç alýan çagalarda has-da uly täsir galdyrýandygy barada belläp geçdiler.  

Gürrüňdeşligiň ahyrynda  körpe nesillerimiziň hyjuwdan doly ýüreklerinde ajaýyp ýatlamalary galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.