39

Gözellige beslenen el hünärleri

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda  “Gözellige beslenen el hünärleri” ady bilen Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde gürrüňdeşlik geçirildi.

   Çärede çykyş edenler merdana türkmen halkymyz, ene-mamalarymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirilip, has-da kämilleşdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklardan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilip, türkmen gözelliginiň, ruhubelentliginiň, şahandazlygynyň, milliliginiň owadan taraplary milli däp-dessurlarymyzda, millilige ýugrulan ýörelgelermizde jemlenendigi barada belläp geçdiler. 

   Çäräniň ahyrynda Milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.