Halk oýunlary – terbiýe mekdebi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Halk oýunlary – terbiýe mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýändigi, bu bolsa ýaşlara berilýän edep-terbiýede türkmen milli oýunlarynyň aýratyn ornunyň bardygyny, türkmen milli oýunlarynyň birnäçe görnüşleri, olaryň gelip çykyş taryhy, çaga terbiýesindäki ähmiýeti, şeýle-de türkmen edebiýatymyzda oýunlaryň many-mazmuny, dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, döretmäge, dünýä ýaýmaga, onuň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillermize ýetirmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.