60

Biz şadyýan çagalar

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Herrikgala medeniýet öýüniň hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Aşgabat şäheriniň Täze zaman ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän 178-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpejeleriň arasynda “Şadyýan çagalar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji çagajyklara gyzyklyja kitaplary okap berdi, ol kitaplardaky ertekidir, rowaýatlarda gahrymanlaryň üsti bilen ündelýän ýagşylyk, dogruçyllyk, halallyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk häsiýetleriň ähmiýetini çagajyklara sada
dilde düşündirdi. Bagtyýar körpejeler hem Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän goşgulary, aýdymlary labyzly aýdyp berdiler. Türkmen milli oýunlarynyň hereketli hem-de pikirli görnüşlerini uly höwes bilen oýnadylar. Tapmaçadyr, matallaryň dogry jogabyny bilmek hem-de küşt, düzzüm ýaly oýunlary oýnamak boýunça özara bäsleşdiler. Umuman şadyýan çagajyklar gyzykly pursatlary başdan geçirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.