Ösüşli zamananyň nury Aşgabat
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän “Arkadag” seýilgähinde “Ösüşli zamananyň nury Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pajarlap ösüp, tanalmaz derejä ýetip, göwnüňi galkyndyrýan Aşgabat şäheriniň bütün dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezi, bagtyýar durmuşyň döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrüldigini, şeýlede gözel paýtagtymyz Aşgabat ylym-bilimiň halkara hyzmatdaşlyklaryň merkezi, sagdyn ýaşaýşyň mekany hökminde tanalyp dünýäniň ösen döwletleriniň ünsüni özüne çekýändigni bellediler.
Söhbetdeşlikde Gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni Magtymguly Pyragynyň “Berkerar döwlet isläriň” diýen jümlesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolandygyny barada uly buýsanç bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.