“Çagalygyň şadyýan pursatlary”
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gyzgalaňly dowam edýär. Özboluşly tebigy aýratynlyklary, ýakymly howa gurşawy bilen tapawutlanýan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalar wagtlaryny şadyýan hem-de täsirli geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi- iň ajaýyp başdan geçirmeleriň mekany. Bu gözel künjekde dynç alýan çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümini aýratyn ýatda galyjy pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýan. Körpe nesillerimiz özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli ýaryşlara we özleriniň höwes edýän gurnaklaryna işjeň gatnaşýarlar. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoş niýetlilik dost- doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň manyly dynç almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baş tutanlygynda döredilýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr. Goý, körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.