16

Täsin tebigatyň gözelligi

image

        

    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Ata  Salyh  adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda  “Täsin tebigatyň gözelligi”  ady bilen  gürrüňdeşlik geçirildi.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada gurrüň berdiler. Şeýle-de ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň syrlaryny öwrenip, tebigatdan dermanlyk otlaryndan birnäçe melhemleri taýýarlaýandyklary hem-de haýwanat dünýäsiniňem goralýandygy barada gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň  ahyrynda gözel tebigatymyzyň täsinligini gorap saklamakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.