50

Bagtyýar nesillerde bagtly pursatlar

image



   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Ata  Salyh  adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda   “Bagtyýar nesillerde bagtly pursatlar” ady bilen  gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde Gökderedäki çagalar sagaldyş  dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar, tebigat gözellikleri bilen gojaman daglardan towlanyp akýan çeşme-çaýyň salkyn jülgesinde özleriniň iň bir gyzykly, ýatdagalyjy, şadyýan pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri  kalby päkize körpeleriň arasynda Türkmen halk ertekileriniň ýaş nesillermizde Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly gowy häsiýetleriň kemala gelmegine uly ýardam etýändigi barada belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.