97

“GAHRYMANLAR EBEDI ÝAŞAÝALAR”

image

    

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, döwrebap başlangyçlary ýola goýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzda 1941-1945 –nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramçylygy dabaraly bellenilýär. Şu baýramçylyk
mynasybetli “Watan Mukaddesligi” muzeýinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýi hem Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda "Gahrymanlar ebedi ýaşaýalar" ady bilen söhbetdeşlik çäresi gurnaldy. Çäräniň başynda çeper höwesjeňler Baky Şöhrat bäş sany sütüne gül desselerini goýdylar. 

   

 

Çäräň dowamynda Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ayratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeleri bolup olar dünýä taryhyna örän pajygaly jebir –jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941-1945 –nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykýar diýip çärä gatnaşanlar bellediler. Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.