5

Çagalaryň bagtyýar pursatlary

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda  Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň bagtyýar pursatlary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýändigini, körpeje nesillermiz özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli görnüşli ýaryşlara we gurnaklara gatnaşyp wagtlaryny has-da gyzykly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň dowamynda “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň uly isleg bildirip okaýan birnäçe Türkmen halk ertekilerinden, tapmaçalardyr, matallar arkaly birnäçe sowal-jogap  alyşyldy.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.