7

“Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri”

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we  dynç alyş merkezinde  “Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri ady bilen  gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi, çagalaryň tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alyşda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri şeýle-de körpe nesilleriň terbiýesinde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalara köp kitap okamak bilen gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň giňeýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalaryň okan  kitaplary,  ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alyşyldy we olar tapmaçadyr, matallary çözmekde özleriniň ukyp- başarjaňlygyny görkezdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.