51

“Magtymguly Pyragy şygryýet şalygynyň bossany”

image

 

   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň  guramagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan çagalaryň arasynda “Magtymguly Pyragy şygryýet şalygynyň bossany” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler  Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dürdänesi kimin  çuňňur, pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň döredijiliginiň, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda uly täsir edýändigini barada giňişleýin beýan etdiler.

   Çäräniň  ahyrynda  milli medeniýetimizi, döredijiligimizi  giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri  döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.