6

Milli ýörelge ýaşlara görelde

image



   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki  “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Milli ýörelge ýaşlara görelde” ady bilen çagalaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde türkmen halky, ene-mamalarymyzdan miras galan  el-işlerini, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny  uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklardan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilip, ösüp gelýän ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler. 

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy ýaş nesillermize ýetirmekde uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.