“Ägirtleriň ägirdi sen, Pyragy, şygryýete bezeg beýik Pyragy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet köşgi we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Ägirtleriň ägirdi sen, Pyragy, şygryýete bezeg beýik Pyragy” ady bilen Magtymguly medeni seýilgäh toplumynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy baý many-
mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldar şahyrdygy, akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygyny, türkmen halkyny bir döwlet gurmaga, bagtly jemgyýeti döretmäge çagyrýandygy, şahyryň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hasyl bolýandygy, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek biz medeniýet, döredijilik işgärleri üçin hem mukaddes borç bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.