“Dabarasy dünýä dolan Pyragy”
Ata Watanymyzda halkymyz ruhy – medeni durmuşynda, ylymda, bilimde asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Ruhy ahlak gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň türkmen halkynyň nesilden – nesle geçip, häzirki nesillere miras goýan nusgalary dikeldilip, dünýä ýüzüne ýaýylýar. Magtymguly atamyzyň her bir bendinde uly bir rowaýat, öwüt – ündewe ýugrulan çuňňur many jemlenen. Şahyryň “Göze myhanmandyr” diýen goşgusynyň birinji bendinde.
Çöňňeler, görejiň göze myhmandyr.
Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.
Ussat şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giň gerimde dowam etýär. 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtmguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, bu baý mazmunly çäreleriň ähmiýetini has ýokarlandyrýar. Bizi bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara ýar bolsun! Goý Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen ýaşlarynyň ykballaryna ýagtylyk nuruny çaýsyn!
Ç.Annamämmedow
Gypjak medeniýet öýüniň müdiri