5

Ussat şahyr Magtymguly Pyragy

image



   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar  ulgamynyň guramagynda   Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli  “Ussat şahyr Magtymguly Pyragy” ady bilen “Magtymguly Pyragy” medeni- seýilgäh  toplumynda söhbetdeşlik  geçirildi.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragy  türkmen ruhy medeniýetiniň özenidigini,  Köpetdagyň  ajaýyp  dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň bina edilen medeni-seýilgäh  toplumynyň açylmagy, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň dürdäne kitabynyň elimize gelip gowuşmagy, bu günki günde beýik şahyra goýulýan hormatyň aýdyň nyşany bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

   Söhbetdeşligiň dowamynda açylyp ulnmaga berlen bu “Medeni seýilgäh” toplumynyň gözellikleri dogrusynda we şol ýerde ýerleşdirilen dünýä edebiýatynyň ýazjy şahyralary we olaryň ömür döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

   Söhbetdeşligiň  ahyrynda milli mirasymyzy sarpalap, medeni gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.