Millilik – halkymyzyň mizemez gymmatlygy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda “Millilik – halkymyzyň mizemez gymmatlygy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler merdana türkmen halkymyz milliligmizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarmyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşdirilip gelýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de nurana kalply enelermiziň asyrlarboýy döreden we halkyň aňynda saklanyp galan milli gymmatlyklary baý mirasymyzyň nusgalarydygyny, olarda halkymyzyň durmuşy, milli aýratynlygy giňden şöhlelenýändigini, ol gymmatlyklar türkmeniň aň-paýhasynyň, ukyp başarnygynyň miwesidigini buýsanç bilen beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.