80

Akyldar şahyryň mirasy ruhy hazynamyzdyr

image


  Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli  “Akyldar şahyryň  mirasy ruhy hazynamyzdyr” ady bilen Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldar şahyrdygy, onuň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň giňden wagyz edilýändigi barada belläp geçdiler.

   Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly  Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.