47

Çaga terbiýesinde ertekileriň orny

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda 6-njy çagalar bagynyň  körpeje çagalarynyň arasynda bilelikde guramagynda “Çaga terbiýesinde ertekileriň orny”  ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çaga terbiýesinde ertekileriň orny örän uly bolup, körpeler özlerine ertekilerdir goşgy, sanawaçlaryň birnäçe görnüşlerini diňläp, öwrenip, suratly kitaplara seredip, ertekilerde gysganç, işýakmaz, ýalta adamlar paş edilip, hoşgylaw, dogruçyl, adalatly, ugurtapyjy, ynsanperwer häsiýetli gahrymanlar, süýji arzuwlar, gowy durmuş, adamkärçiligiň iň oňat mertebeleri ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleriniň üsti bilen beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.