Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaraly baýramçylyk konserti
Şu gün Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp dabaraly baýramçylyk konserti geçirildi. Ata Watanymyzda her okuw ýylynyň başynda täze okuw mekdepleriniň, bilim ojaklarynyň düýbüniň tutulmagy indi asylly däbe öwrüldi. Ýaş nesil baradaky alada, ony milli gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökminde garalýar. Täze gurlup berlen binalarda ýaş nesillermiziň sazlaşykly ösmegi, olaryň döredijilik ukyplarynyň, zehinleriniň açylmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Şu maksat bilen tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä derejesine laýyk gelýän orta bilim we mekdebe çenli çagalar edara binalarynyň onlarçasy gurlup ulanylmaga berilýär diýlip dabara gatnaşan mugallymlar buýsanç bilen belläp geçdiler. Baýramçylyk dabarasynda mekdebiň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň çeken suratlary hem bu günki baýramçylyk dabaramyzda sergilendi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýüreklerde ata Watanymyza söýgi, ylym-bilime höwes joşup duran bagtyýar ýaşlara belent-belent maksatlara ýetmeklerini, şol maksatlaryň başynda ýaşlarmyza görelde bolup duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.