Bilim-röwşen geljegimiziň şamçyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň gurnamagynda “Bilim-röwşen geljegimiziň şamçyragy” ady bilen bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli medeni çäre geçirildi. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň netijeleridir diýip çäre gatnaşyjylar belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda, Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly “Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymydan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir”. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdyr, diýip çäräniň ahyrynda aýtdylar.
O.Sähedowa
Ýasmansalyk medeniýet
öýüniň müdiri