Bilim özgertmeleriň – kämilligiň ýoly
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 17-nji orta mekdebinde “Bilim özgertmeleriň – kämilligiň ýoly”ady bilengürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyzda “Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat” diýen paýhasly aýtgy. Çünki bilim – jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk bolup, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bilim ulgamyny maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli gowlandyrmak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde bilim ojaklarynyň sanynyň ýyl-ýyldan yzygiderli artmagy ol ýerde terbiýelenýän ýaşlaryň bilimli bolmagyna uly tagallalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilim almagynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.