42

Bilim – bagtyň röwşen ýoly

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 45-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli  “Bilim – bagtyň röwşen ýoly” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.  

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere beslenýändigi, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere  eýe bolunýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhybelent hünärmenler we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.