Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynda türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli döredijilik pursatynda boldular.
Bu ýerde 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň türkmen bedewiniň waspyny sözleýän ajaýyp döredijilik eserleriniň sergisi hem-de göreldeli okuwçylaryň janly ýagdaýda surat çekmek döredijilik pursady ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň agzybir işgärleri hem öz gezeklerinde kitaphananyň aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Kitaphananyň ýörite bölümleri, okalga otaglary hakynda aýratyn bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary baradaky gyzykly gürrüňleri ýaşlaryň aňynda baky ýatdan çykmajak pursatlary döretdi, ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Okalga otagynda 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary kitaphananyň tekjelerindäki bar bolan kitaplardan okap, gyzykly maglumatlary öwrendiler.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň bagtyýar ýaşlaryň, mugallymlaryň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan sagbolsunlary, alkyşlary çäksizdir.