17

Bilimli ýaşlar – Watan kuwwaty

image


    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň  Merkezleşdirilen kitaphanalar  ulgamynyň  Seýitnazar  Seýdi  adyndaky  kitaphana şahamçasynyň guramagynda 70-nji orta mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli  “Bilimli ýaşlar – Watan kuwwaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýaşlar ýurdumyzyň ösüşiniň özenidir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine gabat getirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredip berilýändigi, häzirki wagtda ýaşlara bilim bermekde ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrylýandygy barada belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.