"Ýola çyksaň, ägä bol!”
Biziň her birimiz ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etsek özümiziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň jan saglygyny goradygymyz bolar. Şonuň üçin sürüjilerem, pyýada ýolagçylaram ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her ýylyň sentýabr aýynda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilýän bir aýlyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäräniň sentýabr aýynda meýilleşdirilmegi, esasan hem täze okuw ýylynyň başlanmagy sebäpli, çagalaryň mekdebe çenli terbiýeleýiş edaralaryna we mekdebe gatnamagy bilen baglanşykly gatnaw ýollarynda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly bolup durýar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakyky watançy ýaş nesilleriň kemala gelmegini gazanmaga, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işlerine ýaşlary işjeň çekmäge ýardam berýär. Şeýle çäreleriň esasy maksatlarynyň biri-de çagalaryň köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý etmegini gazanmakdyr. Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.
Batyr Almämmedow
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
7-nji çagalar sungat mekdebiniň direktory