44

Halk maslahaty: bagtyýar durmuş, nurana geljek

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde guramagyndaHalk maslahaty: bagtyýar durmuş, nurana geljekady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň rowaçlanýandygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde dabaraly belleniljek Halk maslahaty barada, Halk maslahatynyň döredilmeginiň esasy maksady, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, halkymyzyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada  gürrüň berdiler.

   Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.