19

“Ýol hereketiniň düzgüni – ömrümiziň rahatlygy”

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň gurnamagynda “Ýol hereketiniň düzgüni – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat işleri geçirildi.
   Çärede her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan bir aýlygyň “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” diýlip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär diýip çärä gatnaşanlar bellediler.
   Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar geçirilýär. Okuw jaýlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär diýip çäräniň dowamynda aýtdylar.
   Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.