26

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»

image


      Täze, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygyryýetine, söze-söhbede, akyla-aňa, çuňluga goýulýan bimöçber hormatyň nyşany boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparynyň çykyşy geçirildi. 


   Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy, beýik şahsyýetlerimizi dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.