32

Ýol düzgünlerini – hökman berjaý edeliň!

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde “Ýol düzgünlerini – hökmany berjaý edeliň!” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň yzygiderli guralýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýollarda awtoulag serişdeleriniň, şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalarda uly täsir galdyrdy.

   Gürrüňdeşligiň dowamynda ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada okuwçylar bilen sorag-jogap alşyldy.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.