63

“Garaşsyzlyk Galkynyşyň binasy, Watan dillerimiziň senasy”

image


   Bereketli güýzüň tyllaýy günlerinde 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenilýär. Garaşsyz döwletlilik ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşan arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky arzuw-maksatlarynyň binasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzda geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz jemlenendir. Oguz mekanynda Oguz hanyň paýhas-pendi ýaşasa, Dädem Gorkudyň boýy-genji ýaşasa, Görogly begiň nama-andy ýaşasa, dana Magtymgulynyň şygry-bendi ýaşasa nesilleriň almajak galasy bolmaz. Garaşsyz döwletiň nesli bolmak kalby buýsançdan, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyşdan doly. Garaşsyzlygyň bagtyýar nesilleri bolmak çäksiz hem beýik buýsanç.

   Baýramçylyk dabarasynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň
Garaşsyzlygymyzy wasp edip çeken suratlary hem bu günki baýramçylyk dabaramyzda sergilendi. Baýramçylyk konsertine gatnaşan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler. Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun!