Ýol hereketiniň kadalary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebinde “Ýol hereketiniň kadalary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ata Watanymyzyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan, adam saglygy barada edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-güniň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber aladalary durmuşa ornaşdyrýan halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.