“Adyň mydam ýaşar gursakda”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde
“Adyň mydam ýaşar gursakda” atly Ýeňiş günine bagyşlanyp geçirilen
mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk konsertiniň
Beýany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillermiz milli ruhda terbiýelenýär, olara watansöýüjilik
gymmatlyklaryny öwredilýär. Watan hakda oýlanaňda ilki bilen onuň goragy, asudalygy göz öňüňe gelýär. Ýaş nesillermize merdana pederlermiziň nusgalyk ýoluny öwretmek hem biziň mukaddes borjumyzdyr. Ýyllar geçýär emma nesilleriň kalbynda asuda asmanyň we parahat zeminiň hatyrasyna başyny goýan müňlerçe gerçekleriň gahrymançylygy, görkezen edermenlikleri hakynda ýatlamalar hemişe saklanýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly eserlerinde Berdimuhammet mugallymyň geçen durmuş we söweş ýoly, il-gün üçin bitiren işleri beýan
edilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly eserlerinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe geljekki nesilleriň asuda durmuşyny üpjin etmek üçin görkezilen edermenlikleri beýan edilýär.
Ine şular dogrusynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda gürrüň edildi hem-de baýramçylyk konserti geçirildi. “Adyň mydam ýaşar gursakda” atly Ýeňiş günine bagyşlanyp geçirilen dabaraly konsertimizde mekdebimiziň okuwçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň aýdym-sazlary, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň Ýeňiş günine bagyşlap çeken suratlary baýramçylygyň şowhunyny hasda artdyrdy. Baýramçylyk çäresiniň
dowamynda ýurdumyzda ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik ýörelgelerini öňe sürýän, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.