GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DIÝARYM
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary ör boýuna galdy. Aýdym-sazlaryň mahmal owazlary belent ýaňlanýar. Bu şanly sene mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň agzybir mugallymlary, zehinli, göreldeli okuwçylary bilen bilelikde Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, Köpetdagyň eteginde bina bolan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda döredijilik okuw gezelenjinde boldy. Bu ajaýyp seýilgähiň gözelligini ýakyndan synlan 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň okuwçylarydyr mugallymlary özlerinde galdyran täsirlerini has belent heňde, joşgunly ruhda wasp etdiler. Dogrudan hem bu seýilgäh diýseň owadan, täsin hem-de özboluşly gaýtalanmajak bir gözellikdir.
Köpetdagyň eteginde bina bolan bu seýilgähiň esasy merkezinde akyldar şahyrymyzyň belent heýkeli ýerleşdirilendir. Pähim-paýhasa ýugrulan akyldar şahyryň ajaýyp heýkeli milli ruhda bina edilendir. “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň esasy aýratynlygy dünýä meşhur şahyrlaryň, ýazyjylaryň heýkelleri hem oturdulandyr. Mysal üçin belläp geçesimiz gelýär: “Onore de Balzak”, “Saýido Nasafi”, “Şandor Petefi”, “Ýanka Kupala”, “Wilýam Şekspir”, “Du Fu”, “Raja Ali Hajy”, “Şota Rustawelli” “Hafyz Şirazy”, “Alyşir Nowaýy”, “Ýunus Emre”, “Çingiz Aýtmatow” ýaly başgada birnäçe dünýä meşhur şahsyýetleriň heýkelleri oturdulandyr.
“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň ýörite baýramçylyk sergisi hem gurnaldy. Sergide ýaş suratkeşleriň mähriban Watanymyzy wasp etýän surat eserleri kompozisiýa žanrynda görkezilýär. Şeýle hem mekdebimiziň okuwçylary açyk howada surat çekmek dersinden tejribeçilik sapagyny hem gurnadylar. Ýagny medeni seýilgäh toplumynyň gözel ýerlerini kagyz ýüzüne geçirdiler.
Medeni seýilgäh toplumynda gurnalan bu döredijilik gezelenji okuwçy ýaşlarymyzda uly täsir galdyrdy. Şeýle ajaýyp pursatlardan peýdalanyp uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, belent başlary aman bolsun.